Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

27-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:3827.12.2024
0
18230

Türkmenistan täze onkologiýa merkezini enjamlaşdyrmakda MAGATE bilen hyzmatdaşlyk etmekçi, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň ilçihanasyna baryp, hatyra kitabyna ýazgy ýazdy, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen dilinde saýtyny açdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistan ýurdumyzda onkologiýa boýunça kömegi ösdürmek üçin ýadro lukmançylygy babatda MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen tanyşlygynyň barşynda nygtady. «Saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, ýadro lukmançylygynda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we onuň wekilleri bilen maslahatlary geçirmek zerurdyr. Bu aýratyn-da täze desgada galyndylar bilen işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin örän möhümdir» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

2. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Azerbaijan Airlines» kompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň pajygaly heläkçiligi bilen baglanyşykly hatyra kitabyna ýazgy ýazdy. Ol türkmen tarapynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisine tüýs ýürekden gynanç bildirdi.

3. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen dilini goşmak arkaly resmi web-saýtynyň dil elýeterliligini giňeltdi. «Nobatdaky täzelenmäniň dowamynda ilçihananyň web-saýtynyň türkmen dilindäki mümkinçiligini hödürledik. Oňa kem-kemden täze maglumatlary goşarys» diýlip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

4. Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça ýük daşamalaryň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokarlandy. Ýük daşamalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy bazara gatnaşyjylaryň bu ugra bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklaýar hem-de logistika hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini görkezýär. Bu barada Pekin şäherinde geçirilen bu ugry ösdürmäge bagyşlanan bilermenler duşuşygynda mälim edildi.

5. Astrahanyň deňiz portuna Türkmenistandan 18 tonna pomidor baryp gowuşdy. «Rosselhoznadzoryň» hünärmenleri Türkmenistandan baran bu oba hojalyk önüminiň iki tapgyryny barlagdan geçirdiler hem-de laboratoriýa synaglarynyň esasynda fitosanitar şahadatnamalaryny berdiler. Şu ýyl 90 tapgyrda umumy agramy 835 tonnadan gowrak bolan pomidor Astrahan sebitine import edildi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende bäş esse köpdür diýlip, çeşmede bellenilýär.

Dünýäde

6. Russiýanyň Daşary işler ministrligi elektron wiza ulgamynyň mümkinçiliklerini düýpli giňeltmäge gönükdirilen kanunçylyga üýtgetmeleri girizmekligi taýýarlaýar. Russiýanyň DIM-niň konsullyk departamentiniň direktory Alekseý Klimowyň bellemegine görä, daşary ýurt raýatlarynyň elektron wizasy boýunça Russiýada bolup bilýän möhletini onuň bolma gezeginiň sanyny üýtgetmän, 16 gije-gündizden 30 gije-gündize çenli uzaltmagy meýilleşdirilýär.

7. Nýu-Ýorkyň 39 ýaşly ýaşaýjysy Braýan Klegg birnäçe ýyl bäri artykmaç agramy bilen göreşýär. Onuň 185 kilogram agramy hatda adaty gezelençleri kynçylyga öwürýär. Ýöne hakyky zarba dynç alyş seýilgähine baryp görende, agramy sebäpli oňa amerikan gorkasyna münmek gadagan edilende boldy. Bu öwrülişik pursaty boldy. Süýjülikleri we tiz tagamlary geçmişde galdyran Braýan tutanýerlilik bilen türgenleşip başlady. Ol 11 aýyň içinde 60 kilogram horlanmagy başardy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ol arzuwyny amala aşyrmagy başardy – köpden bäri garaşylýan amerikan gorkasyna mündi.

Sport habarlary

8. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Doha şäherinde (Katar) geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 28 medal: 11 altyn, 8 kümüş we 9 bürünç medal gazandy. Ýaryşa 20 ýurtdan 237 türgen gatnaşdy, türkmen ýygyndysynyň düzüminde medallary 10 ştangaçy gazanmagy başardy.

9. Madridiň «Real» futbol kluby özüniň «Santýago Bernabeu» stadionynyň adyny üýtgedip, «Bernabeu» çenli gysgatlmagy meýilleşdirýär. Stadionyň saýty hem, arenanyň sosial ulgamlary hem adyny eýýäm üýtgetdi. Adyň gysgaldylmagy klubyň Roždestwo mynasybetli duşuşyklarda hödürlän sowgatlarynda-da peýda boldy. Stadion 1947-nji ýylda guruldy we soňra oňa «Realyň» prezidenti Santýago Bernabeunyň ady dakyldy, onuň işlän döwründe klub Ýewropa çempionlarynyň 6 kubogyny aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň