Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň alyp barýan işine nägilelik bildirdi

09:3026.12.2024
0
17584

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji dekabrda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, bu ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Şeýle-de bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we sebitde iň uly döwrebap Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, iş maslahatynda Gahryman Arkadag saglyk ulgamynda möhüm ähmiýetli wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, esasy üç ugra möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

“Täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döredilmelidir. Bu bölüm halkara lukmançylygyň talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şunuň ýaly seljeriş-intellektual bölüminiň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ikinjiden, bu bölümiň işini kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş oglan-gyzlary saýlap-seçmelidigi, olaryň hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, alyp barjak işlerini şol bir wagtyň özünde ylym bilen utgaşdyrmalydyklary, işinde uly jogapkärçiligi duýmalydyklary barada aýdyldy.

Gahryman Arkadag üçünji teklibiň bu bölüme ýaşlar saýlanyp alnanda, olaryň köp sanly daşary ýurt dillerini bilmekleriniň, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý we rus dillerini giňden özleşdirmekleriniň zerurdygyndan ybaratdygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman ylmyny, aýratyn-da, intellektual eýeçiligiň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap ylmyň hemmetaraplaýyn özleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan ylmy işleriň pesdigine ünsi çekdi. Şeýle hem ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine garamazdan, intellektual ylmy ösdürmek boýunça degişli kada-kanunyň işlenip taýýarlanmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, aýratyn-da, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn edara-kärhanalarda, ylmy merkezlerde netijeli işleri ýola goýmakda ministrligiň guramaçylyk işlerine we häzirki zaman ylmynyň özleşdirilmegine tankydy bellikleri aýdyp, bu ugurda ministrligiň alyp barýan işine nägilelik bildirdi.

Alym Arkadag saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygyny aýdyp, onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz hem netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygyny belledi.

Aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň Halkara okuw-ylmy merkezinde häzirki zaman ylmyndan we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenleriň taýýarlanmagyna, şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almak, olary seljermek we ýüze çykarylan keseller boýunça dürs bejeriş çärelerini kesgitlemek meseleleri wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir.

— Has anyk aýdanyňda, merkez diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalary bilen däl, eýsem, dünýäniň belli halkara lukmançylyk merkezleri bilen hemişe göni aragatnaşykda bolmalydyr. Şunda özara pikir alyşmaga, tejribe paýlaşmaga, bilelikde iş alyp barmaga uly orun berilmelidir. Geljekde hem saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri dowam etdirilmelidir — diýip, lukman Arkadag belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň işinde ýüze çykýan galyndylary zyýansyzlandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda işlejek lukmanlaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmekleri, olaryň bu ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezlerinde okuw geçmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Lukman Arkadag Aşgabadyň demirgazyk künjeginde saglyk edaralarynyň döwrebap toplumynyň emele gelendigini, şol bir wagtyň özünde, bu ýerde iň häzirki zaman Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurulýandygyny nazara alyp, bu ýerde lukmanlaryň netijeli işlemeklerine we oňaýly dynç almaklaryna gönükdirilen çäreleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Alym Arkadag Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar we olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň we şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatda bar bolan meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy N.Amannepesowa onuň guramaçylyk ukybyny we baý tejribesini nazarda tutup, örän uly jogapkärçiligiň ynanylýandygy barada Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdanlaryny ýatlady. Gahryman Arkadag Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny, onuň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyny degişli derejede amala aşyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetine ünsi çekdi we N.Amannepesowa bu ugurda bar bolan meseleleri talabalaýyk amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň