«Ahmet Gold» şaý-sepler dükany sizi kaşaňlyk we nepislik dünýäsine aralaşmaga çagyrýar.
«Ahmet Gold» dükanynda dünýäniň meşhur zergärçilik merkezlerinden: Ermenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we Italiýadan getirilen iň ýokary hilli altyndan ýasalan ajaýyp şaý-sepler hödürlenýär. Bu ýurtlaryň zergärleri häzirki zaman tehnologiýalaryny we adaty usullary ulanyp, hakyky sungat eserlerini döredýärler.
«Ahmet Gold» dükanynyň kolleksiýasynda Italiýanyň «Graziella» brendi aýratyn orny eýeleýär. «Graziella» şaý-sepleri – bu ajaýyp stiliň we gaýtalanmajak gözelligiň sazlaşygydyr. Inçelik bilen ýerine ýetirilen işler, iň ýokary arassalygy bolan gymmat bahaly daşlar we döwrebap dizaýn – bularyň ählisi «Graziella» şaý-seplerini gözelligiň hakyky muşdaklary üçin arzuwlanylýan bezege öwürýär.
«Ahmet Gold» nepis nusgawy nusgalardan başlap, batyrgaý häzirki zaman dizaýnly şaý-sepleriň köp sanly görnüşlerini hödürleýär. «Biz diňe ynamdar üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk edýäris, bu bize her bir şaý-sepiň gaýtalanmajak hilini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Dükanymyza gelip görmek bilen, şahsyýetiňizi açyp görkezjek we hakyky maşgala mirasyna öwrüljek özboluşly şaý-sepleri taparsyňyz» diýip, dükanyň wekili belledi.
«Ahmet Gold» dükanyna geliň we gözelligiň täze gözýetimlerini açyň!
Habarlaşmak üçin maglumatlar: