Bäherden tikin fabriginde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 15 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108 göterim ösüş üpjün edildi.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, kärhanada önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama 125 göterim ýerine ýetirildi. Hünärmenleriň 100-den gowragynyň zähmet çekýän ýeri bolan kärhanada şol döwürde tikin önümleriniň 882 müňden gowragy taýýarlanyp, şonuň aglabasy ýöriteleşdirilen iş lybaslarydyr.
Degişli pudaklaryň buýurmalary esasynda taýýarlanan, ekologiýa taýdan arassa nah matadan tikilen bu önümler hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar diýlip, habarda bellenilýär.