Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýazyjysy Türki dünýäniň halkara edebiýat baýragyna mynasyp boldy

13:1224.12.2024
0
12574
Türkmen ýazyjysy Türki dünýäniň halkara edebiýat baýragyna mynasyp boldy
Surat: tdk.gov.tr

20-nji dekabrda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan geçirilen «Dilde, pikirde, işde birlik — Türki dünýäniň edebiýat (hekaýa) baýragynyň» gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistandan bu baýraga «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow mynasyp boldy. Bu barada Türki dil birleşgi resmi beýanat çap etdi.

Bellenilişi ýaly, Türki döwletleriň guramasy bilen Türki dil birleşiginiň bilelikde geçiren edebi çäresinde birnäçe çykyşlara orun berildi. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym öz çykyşynda guramanyň wezipesi we işi, oňa Türkmenistanyň goşýan goşandy, şunda ýakynda Budapeştde we Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti barada belläp geçdi. Çykyşlardan soň baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. «Dilde, pikirde, işde birlik — Türki dünýäsiniň edebiýat (hekaýa) baýragynyna» Türkmenistandan Döwletgeldi Annamyradow, Azerbaýjandan Anar Rzaýew, Gazagystandan Dauren Kuatow, Gyrgyzystandan Topçugül Şaýdullaýewa, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasyndan Osman Güwenir, Özbegistandan Nazar Eşankulow mynasyp boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow barada giňişleýin maglumat bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň