«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ýolagçylary indi Stambul howa menzilinde tölegsiz we çäksiz internet hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Mundan ozal bolsa, 1 GB mugt traffigi ulananlaryndan soň, müşderiler «Türk Telekom-dan» tölegli paketleri satyn almaly bolýardylar.
Täze birikme ulgamy has ýönekeý we amatlydyr. Ýolagçylar uçuş maglumatlary ýa-da telefon belgisi arkaly TK WiFi toruna örän tiz birigip bilýärler. Bu täzelik syýahatçylara uçuşyna garaşýan wagtlaryny has netijeli geçirmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa täze çemeleşmäniň möhüm peýdalary barada belläp geçýär:
Internet birikmesiniň näsazlygy bilen baglanyşykly şikaýatlaryň aradan aýrylmagy;
Maglumat kassalarynda nobatlaryň azalmagy;
Call-center we müşdere ýardam bermek gulluklarynda işiň ýeňilleşmegi.
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy geljekde müşderileriň howa menzilinden barmaly ýerine çenli bütin syýahatynda elýeterli boljak internet hyzmatyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň esasy maksady müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak we syýahat üçin iň amatly şertleri döretmekdir.
Has giňişleýin maglumat almak üçin türkmenistanlylar şu salgy boýunça awiakompaniýanyň Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilerler: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.
Elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com. Telefon: (+993 61) 01 44 33.