Top.Mail.Ru

BMG: Afrika XXI asyryň ortalarynda iň «ýaş» yklym bolar

09:3324.12.2024
0
8439
BMG: Afrika XXI asyryň ortalarynda iň «ýaş» yklym bolar
Surat: report.az

Afrikanyň ilaty 2050-nji ýylda takmynan 2,5 milliard adama ýeter. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Afrika üçin ykdysady geňeşiniň nutugynda aýdylýar diýip, «Report» ýazýar.

Resminamanyň awtorlary ady tutulan döwürde Afrika ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşynyň 20 ýaşa deň boljakdygyny belleýärler, bu, öz gezeginde, Afrikany dünýäde iň «juwan» yklym eder.

Nutukda ýaş ilatyň gymmatly demografik artykmaçlyk bolup durýandygy bellenýär, sebäbi ony senagat ösüşi üçin işçi güýji hökmünde ulanyp bolar.

«Galyberse-de, Afrikada her ýyl azyk önümleriniň importy üçin 60 mlrd dollar sarp edilýändigini nazarda tutsaň, ýerli önümçilik-sarp ediş zynjyrlary üçin garaýagyz yklym oba hojalyk boýunça geljegi uly içerki bazar bolar» diýlip, BMG-niň ady agzalan geňeşiniň nutugynda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň