2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 10 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berdi.
Hasabat döwründe türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 9,67 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,4 göterim ýokarydyr. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň hytaý bazaryna eksporty 8,86 milliard amerikan dollaryna (0,1 göterim ösüş), Hytaýdan amala aşyran importy bolsa 898,5 million amerikan dollaryna (0,3 göterim ösüş) barabar boldy.
Mundan başga-da, şu ýylyň 11 aýynda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen umumy söwda dolanyşygy hem 5,9 göterim artdy hem-de 85,58 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
Ýeri gelende, Türkmenistanyň Hytaý bilen özara söwdada oňyn saldo (özara eksporty importyndan köp bolan) eýe bolan sebitdäki ýeke-täk döwletdigini bellemek gerek.