Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Miras Jewellery» Täze ýyl mynasybetli aýratyn bezeg şaýlarynyň toplumyny hödürleýär

10:3722.12.2024
0
5584

El bilen sünnälenip ýasalýan premium bezeg şaýlaryny döretmäge ýöriteleşen «Miras Jewellery» türkmen zergärçilik brendi 2024-nji ýylyň ahyryna çenli önümlerine baýramçylyk arzanladyşlaryny yglan etdi. 2019-njy ýylda esaslandyrylan brend gysga wagtda häzirki zaman äheňlerini baý milli däpler bilen utgaşdyrmak bilen, nepis zergärçilik önümleriniň öndürijisi hökmünde ýurdumyzda abraý gazandy.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Miras Jewellery» gymmatbaha metallardan we daşlardan ýasalan bezeg şaýlarynyň giň toplumyny hödürleýär. Ýurduň medeni mirasyny şöhlelendirýän türkmen milli usulynda ýerine ýetirilen önümlere aýratyn üns berilýär. Harytlaryň dürli görnüşleriniň hatarynda her biri zergärçilik sungatynyň özboluşly eseri bolan owadan gulakhalkalar, nepis bilezikler we gözel monjuklar bar.

Ähli bezeg şaý-sepleri tejribeli, işine kämil bolan ussalar tarapyndan elde inçelik bilen ýasalýar, bu bolsa ýokary hili we her bir önüme aýratyn çemeleşilýändigini kepillendirýär. Zergärçilik önümlerinden daşary, «Miras Jewellery» ýetip gelýän baýramçylyklara ajaýyp sowgat boljak aýratyn sowgatlyk önümleriň toplumyny hödürleýär.

«Miras Jewellery» brendiniň nepis şaý-sepleri bilen siz «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatyndaky C-1.73a dükanynda tanşyp bilersiňiz.

Telefon belgisi: (+993 63) 37 48 59. Şeýle hem sosial ulgamdaky sahypasy.

Fotoreportaž: Miras Jewellery: siz barada sessiz gürrüň berjek şaý-sepler

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň