Top.Mail.Ru

Ekologiýa bilermenleri Rogun GES-niň gurluşygynyň has amatly konsepsiýasyny hödürlediler

12:3619.12.2024
0
7336

«Serhetsiz derýalar» halkara ekologiýa birleşmesi dünýädäki iň beýik bent diýen suw desgasy derejesine dalaş edýän Täjigistanyň Rogun GES-niň gurluşygyny tamamlamagyň dürli görnüşdäki seljermesiniň iki dilde beýan edilen hasabatyny neşir etdi. Bu barada rivers.help saýtynyň habar berşine görä, resminama Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň garamagyna hödürlendi.

Bilermen alymlar Täjigistanyň energetika pudagynyň ösüş ssenariýleriniň ekologiki we sosial täsirini göz öňünde tutup, deňeşdirme seljermesiniň juda möhümdigini nygtaýarlar. Şeýle çemeleşme 335 metr beýiklikde alnyp barylýan bendiň gurluşygyna maýa goýumlaryny has amatly etmek we töwekgelçilikleri iň pes derejä çenli azaltmak üçin zerurdyr.

Ekologlaryň pikiriçe, taslamanyň häzirki görnüşinde amala aşyrylmagy ýurduň ähli energetika meseleleriniň çözgüdini kepillendirmeýär. Elektrik energiýasynyň wagtal-wagtal öçürilmeginiň 2036-njy ýyla çenli dowam etjekdigi çaklanylýar, şeýle hem ägirt uly suw howdanynyň döredilmegi Wahş derýasynyň aşaky akymyndaky ekoulgamy we şol sebitiň ilaty üçin howp döredýär.

Hasabatda has pes belentlikdäki bendi gurmak görnüşine garap, ony gün energetikasynyň ösmegi bilen utgaşdyrylmagyna seretmeklik maslahat berilýär. Bendiň beýikligini 70 metre çenli peseldilmegi göçürilmeli ilatyň sanyny meýilleşdirilen 40 müňden onuň üçden birine çenli azaltmaga mümkinçilik berer.

Birleşmäniň hasaplamalaryna görä, teklip edilen çemeleşme Täjigistanda gyşky elektrik energiýasynyň ýetmezçiligini 2030-2031-nji ýyllara çenli çözmäge kömek eder. Energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasy ýurduň energetika ulgamyny pugtalandyrar we onuň howa ýagdaýy hem-de ykdysady kynçylyklara uýgunlaşmagyny ýokarlandyrar.

Mälim bolşy ýaly, 17-nji dekabrda Bütindünýä banky Rogun GES-niň gurluşygyny tamamlamak maksatnamasynyň birinji tapgyry üçin Halkara ösüş assosiasiýasynyň (HÖA) 350 million dollar möçberindäki grantyny makullady. Bank güýçlendirilen gözegçiligiň üsti bilen taslamanyň halkara ekologiýa standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmegi maksat edinýär, emma ägirt uly taslamanyň ekologiki howplaryny doly aradan aýyrmagyň mümkinçiligi baradaky mesele häzire çenli jedelli bolmagynda galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň