Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistan – ABŞ" işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

09:1218.12.2024
0
7013

Тürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik forumyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen "Türkmenistan – ABŞ" işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallygyny beýan edip, amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny, ýurtda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň bioköpdürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny, Türkmenistanyň ekologiýa babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalary ABŞ-nyň ilkinjileriň hatarynda goldandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridigi, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi, şunda söwda-ykdysady, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky özara hyzmatdaşlykda amerikan kompaniýalarynyň möhüm orny bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Gahryman Arkadag öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň strategik taýdan möhüm pudaklarynda üstünlikli işleýändigini, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän amerikan işewürleriniň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin "Türkmenistan – ABŞ" işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň