Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

16-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:4016.12.2024
0
11158

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy, Gurbanguly Berdimuhamedow «Buig» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy. Arçanyň töwereginde çagalaryň hem-de paýtagtyň myhmanlarynyň müňlerçesi, halk döredijilik we tans toparlary, toý lybaslaryny geýnen sirk hem teatr artistleri, ertekileriň gahrymanlary ýygnandylar. Baýramçylyga Aýazbaba we Garpamyk gowy görülýän erteki gahrymanlary bilen bilelikde geldiler. Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metre deňdir.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda Fransiýanyň «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

3. Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda owgan wekiliýeti bilen bilelikdäki energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, Gazagystanyň Prezidentiniň ýakynda Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

5. Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Mergen Gurdow bilen Efiopiýanyň we Braziliýanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

6. Gruziýada taryhy Prezident saýlawlary geçirildi, onda dolandyryjy «Gruzin arzuwy» partiýasynyň dalaşgäri Mihail Kawelaşwili Prezident saýlandy. Munuň özi Prezident göni ses bermek arkaly däl-de, saýlaw topary tarapyndan saýlanan Gruziýanyň taryhyndaky ilkinji saýlawlar boldy. Syýasata gelmezden ozal Kawelaşwili «Dinamo Tbilisi», «Spartak-Alaniýa», «Mançester Siti» toparlarynda we Gruziýanyň milli ýygyndysynda çykyş eden meşhur futbolçydy.

7. Awstriýanyň paýtagty şäher giňişligini mümkinçiligi çäkli adamlar üçin uýgunlaşdyrmak boýunça aýratyn tagallalary üçin Ýewropa Bileleşiginiň baýragyny aldy. Şäher ähli şäher hyzmatlarynyň we infrastrukturasynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmäni görkezdi. Metro stansiýalarynyň hemmesi, şeýle hem jemgyýetçilik ulag duralgalarynyň 95%-den gowragy amatly hereket etmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Sport täzelikleri

8. Halkara sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komiteti 2025-nji ýylda geçiriljek ýaryşlaryň senenamasyny tassyklady. Bu senenama görä, sambo boýunça dünýä çempionaty 7 – 9-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler. Dünýä çempionaty erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy, erkekleriň we zenanlaryň arasynda söweş sambosy, şeýle hem erkekleriň arasynda körleriň sambosy boýunça ýaryşlary öz içine alar.

9. Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy Serdar Azmun Dubaýyň «Şabab Al-Ahli» toparynyň düzüminde BAE-niň Superkubogynyň eýesi boldy. «Al-Wasl» we «Şabab Al-Ahli» toparlarynyň arasynda baýrak ugrundaky aýgytly duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, penalti tapgyrynda Azmunyň topary ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň