Gyş paslynyň täsin baýramçylygynyň jadysy indi uzakda däl! 15-nji dekabrda sagat 15:00-da «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi körpeleri we uly ýaşly myhmanlary köpden bäri garaşylýan Aýazbabanyň poçtasynyň açylyş dabarasyna çagyrýar. Munuň özi çaga arzuwlarynyň dünýäsiniň gapysynyň giňden açyljakdygyna wada berýär.
Açylyşyň ilkinji minutlaryndan çagalar baýramçylyk atmosferasyna aralaşarlar. Dürli reňkli bukjalar, reňkdar galamlar we ýörite niýetlenen poçta gutusy, guramaçylaryň bellemegine görä, Aýazbabanyň hyzmat ediş gullugy bilen gönüden-göni bagly bolup, çäräniň esasy aýratynlyklary bolar. Munda çagalaryň her biri sahy jadygöýe öz ýürek arzuwlaryny hat ýazyp ýollap bilerler.
Emma bu ajaýyp pursatlary bagyşlajak baýramçylyk şatlygynyň diňe bir başlangyjydyr! 15 — 30-njy dekabr aralygynda «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi gyş ertekisiniň hakyky mekanyna öwrüler. Şol günlerde öýlän sagat 16:00-dan soň, bu ýere gelýänlere gyzykly ussatlyk sapaklaryna, artistleriň täsin çykyşlaryna, şadyýan animatorlara we aýdyň ýarmarkalara tomaşa etmek hem-de gatnaşmak lezzeti garaşýar. Söwda merkezinde ýörite gyş öwüşgininde bezelen fotosurat zolagy we maşgalalar üçin baýrakly bäsleşikler has-da gyzyklandyryjy bolar.
Baýramçylyk çäreleriniň iň täsir galdyrjak pursaty söwda merkeziniň ýubileýine gabat gelýän günde — 26-njy dekabrda Aýazbabanyň hut özi bilen geçiriljek duşuşyk bolar. Guramaçylar janly ýerine ýetiriljek aýdym-sazlardan we ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlajak tomaşalardan ybarat bolan medeni maksatnamany wada berýärler.
«Biz bu ýere geljek her bir myhmanyň hakyky Täze ýyl duýgusyny başdan geçirmegi üçin göwnejaý giňişligi döretdik. Munuň özi tutuş maşgala bolup wagty hoş geçirmek, baýramçylyk ruhuna garylyp-gatylmak we jadygöýlügiň täsirine ynanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir» diýip, çäräni guraýjylar belleýärler.
Hemmeleri baýramçylyk atmosferasyndan lezzet almaga, arzuwly hatlaryny ýazmaga hem-de kalplaryny täsirli duýgulara beslemäge çagyrýarys! Täze ýyl eýýäm bosagada dur. Ony ýylgyryş we jadyly dünýä bolan uly ynam bilen garşylamagyň, bellemegiň wagty gelip ýetdi!
Geçiriljek çäreleriň maksatnamasy bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.