Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika boýunça geçirilen IV halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi. Onda talyplaryň 117-si baýrakly orunlary eýeledi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, iň ýokary utugy Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň talyby Jasur Jamolow eýeledi. Ol berlen meseleleri takyk işläp, 36 utuk toplap bildi. Birinji orny eýelänleriň arasynda olimpiadany guraýjy ýokary okuw mekdebinden Annajemal Dädebaýewa bar. Ol 34 utuk toplady. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Ufa döwlet nebit tehniki, S.Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk, M.Ý.Ýewsewýewa adyndaky Mordowa döwlet mugallymçylyk, Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetlerinden, Türkmen oba hojalyk, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutlaryndan gatnaşan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular.
Olimpiadada ikinji orna 35, üçünji orna bolsa 67 talyp mynasyp boldy diýlip, habarda bellenilýär.