Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny, türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de diplomatyjogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni dialogyny mundan beýläk-de berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we ilçi giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem-de Ermenistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedirler hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler.
Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek hem-de eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ermenistan Respublikasynyň ilçisi iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.