Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan döredilen «Filologiýanyň meseleleri» atly elektron ylmy žurnalyň ikinji sany çapdan çykdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, žurnalyň täze sanynda jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň, dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylymynyň, lingwodidaktikanyň, pedagogikanyň wajyp meselelerine bagyşanan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň «Türkmenistan — ÝUNESKO: köpugurly hyzmatdaşlyk işjeňleşýär», Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowanyň «Ýaşlar baradaky alada röwşen geljegiň kepilidir», Türkiýe Respublikasynyň Jelal Baýar adyndaky Manisa uniwersitetiniň Ynsan gatnaşyklaryny we jemgyýeti öwreniş ylymlary fakultetiniň dekany, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aýşe Ilkeriň «Türkiýede türkmen diliniň öwrenilişi», Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň professory Johanna Mierendorfyň «Çagalyk, çagalygy öwrenmek boýunça barlaglaryň usullary: gysgaça giriş» atly makalasy çap edilipdir.
Şeýle-de žurnalyň şu sanynda Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň ylmy işgärleriniň, professor-mugallymlarynyň, ýaş alymlarynyň ylmy-usuly makalalary, talyplaryň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap düzen şygyrlary hem ýerleşdirilipdir.
«Filologiýanyň meseleleri» atly elektron ylmy žurnal her üç ýada bir gezek neşir edilýär. Onuň redaksiýasynyň geňeş agzalarynyň hatarynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň bilim we ylym edaralarynyň işgärlerini, mugallymlaryny, ýaş alymlaryny we talyplaryny elektron žurnalyň işine işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanda ilkinji gezek filologiýa boýunça elektron ylmy žurnalyň neşir edilendigini habar beripdik.