11-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreleri gurady. Aşgabat şäherindäki 130-njy, 142-nji, 174-nji hem-de 177-nji çagalar baglarynda geçirilen Açyk gapylar gününiň çäginde ýaş türkmenistanlylar türkmen bitaraplygynyň taryhy bilen tanyş boldular. Baýramçylyk çärelerine terbiýeçiler, çagalar hem-de olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Çäreleriň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda multimedia tagtalaryny ulanmak arkaly sapaklar geçirildi. Okuw sapaklary bilen utgaşyklylykda guralan «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi» atly aýdym-sazly dabaralar gatnaşyjylara özboluşly ruhy lezzet paýlady.
Pedagoglar dürli öwüşginli görkezme çykyşlaryny taýýarladylar hem-de çagalar we terbiýeçiler tarapyndan döredilen el işleriniň sergisini guradylar.
Baýramçylyk çärelerine gatnaşan ene-atalar bu dabaraly çykyşlara ýokary baha berip, Açyk gapylar gününiň ýokary guramaçylykda geçirilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.