Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli daşary ýurtlaryň dürli derejeli ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Gutlag hatlary Türkmenistanyň merkezi metbugat neşirlerinde çap edildi.
Türkmen döwletiniň Baştutanyna Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin hem gutlaglaryny iberdiler.
Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti nygtalýar hem-de türkmen döwleti bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirilýär.
Şeýle-de gutlag hatlaryny iberenler Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärler.