Türkmenistanyň görnükli ýazyjysy we dramaturgy Hemra Şirow Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Bu medal ýazyja türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny bütin dünýäde giňden tanyşdyrylmagynda, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna sarpa goýmak babatynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde goşan saldamly goşandy üçin gowşuryldy.
Medalyň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi.
Şu ýylyň başynda H.Şirowyň «Şygyr diwany» pýesasynyň esasynda goýlan spektakly Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda tomaşaçylara görkezildi. Bu spektakl režissýor W.Rahmanowyň döredijiligindäki ilkinji işi bolup, ol Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň çäklerinde döredildi we ýurdumyz boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde ikinji orna mynasyp boldy.
Şeýle hem şu ýylda H.Şirowyň «Ýaşyl zümerret» atly pýesasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň esasynda Türkmenistanyň milli sazly drama teatrynyň sahnasynda režissýor M.Jumabaýew tarapyndan «Pursat» spektakly goýuldy. Bu spektakl TÜRKSÖÝ guramasynyň paýtagtymyzda geçirilen II teatr festiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy.
H.Şirow şeýle hem «Göröglynyň ýaşlygy» atly sazly spektakly hem-de «Ýartygulak» atly opera eseriniň librettosynyň awtorydyr. Ol bu eserleri meşhur kompozitor Rejep Rejebow bilen bilelikde döredipdi. Mundan başga-da, olar bilelikde Türkmenistanyň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin «Pişik batyr we onuň gelni», «Işýakmaz gurbaga», «Gedem horazjyk» ýaly birnäçe çagalar operalaryny ýazdylar.
H.Şirowyň täze döreden eseri çagalar üçin täze ýyl temasynda ýazylan pýesa bolup, ondaky wakalar «akylly» şäher Arkadagda bolup geçýär. Meşhur ýazyjynyň nygtaýşy ýaly, ol gazanylan üstünliklere garamazdan, täze eserleri ýazmak üçin özüniň döredijilik gorunda birgiden hyýallarynyň we niýetleriniň entek az däldigini aýdýar. Galamyň ýiti bolsun, halypa!