Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda 71 gektar meýdany tutýan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylmagy Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Toplumyň düzümine jemi 1 müň 496 maşgala niýetlenen, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan dört gatly öýleriň 70-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri girýär diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki zaman bezeg serişdeleriniň ulanylmagy esasynda binagärlik taýdan döwrebap görnüşde bezelen giň öýlerde ähli zerur şertler döredilipdir. Merkezleşdirilen suw, gaz we energiýa üpjünçilik ulgamlary ornaşdyrylypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk çäklerinde çagalar üçin oýun meýdançalary, dynç alyş ýerleri gurnalypdyr, agaç nahallary, güller ekilipdir.
Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze çagalar bagynda we mekdepde ýaşajyk raýatlaryň ruhy hem beden taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny özleşdirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde bina edilen iki gatly saglyk merkezi ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu merkez täze toplumyň ýaşaýjylaryna bejeriş we keseli anyklaýyş häsiýetli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemäge, lukmançylyk kömeginiň ýokary hil derejesini üpjün etmäge ukyplydyr. Dürli görnüşli harytlary satmak üçin talabalaýyk derejede enjamlaşdyrylan söwda merkezi toplumyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar diýlip, çeşmede bellenilýär.