Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklara, däp-dessurlara hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlary hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. TDH-niň habar berşi ýaly, 10-njy dekabrda bu dabaralar ähli toplumlarda geçirilip, olara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýurduň abadançylygynyň, Watany gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Sylaglananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda türkmen döwletiniň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ykdysadyýet, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bar.
Dabaralara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul edip, halkyň abadançylygynyň, Watanyň şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaralarda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda türkmen halkynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, hormatly Prezidentine buýsanjy şahyrana dilde, hoş owazlaryň üsti bilen beýan edildi.
Sylaglamak dabaralary ýurduň welaýatlarynda-da geçirildi diýip, çeşme habar berýär.