Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şu daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy:
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German,
Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Nadežda Anatolýewna Dubowa,
Russiýa Federasiyasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Fýodorowna Solowýowa,
London uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň professory Timothy Dawid Williams,
Ortaýer deňzi we Gündogar barlaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) we Berliniň erkin uniwersitetiniň (Germaniýa) bilelikdäki taslamalarynyň ylmy ýolbaşçysy, professor Barbara Çerasetti,
Italiýa Respublikasynyň Turin şäheriniň Arheologik barlaglar we gazuw-agtaryş işleri baradaky merkeziniň direktory, professor Karlo Lippolis,
Özbegistan Respublikasynyň «Ramz-film» kinostudiýasynyň direktory Muzaffarhon Erkin ogly Erkinow,
Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Wiktor Nikolaýewiç Pilipko,
Russiýa Federasiýasynyň Bütindünýä tatar kongresiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýerli taryhçylar bilen işlemek boýunça komitetiniň başlygy Albert Ahmetžanowiç Burhanow,
Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň professory Soner Saglam,
Gruziýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Makwala Gonaşwili,
Ispaniýa Patyşalygynyň Ylym, innowasiýalar we uniwersitetler ministrliginiň innowasion ösüşler boýunça direktorynyň orunbasary Adolfo Fransisko Barrios Ruano,
Kipr döwlet uniwersitetiniň professory Gülşen Sahatowna Sahatowa,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Kasymiýýe uniwersitetiniň rektory Awad Husaýin Al Kalaf,
Rumyniýanyň Babeş-Bolýa uniwersitetiniň Türkologiýa merkeziniň başlygy Margareta Aslan.