Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanyldy. TDH-niň habar berşi ýaly, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Mejlisi bu barada degişli Karary kabul etdi.
Kararda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanyny hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlaryndan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda sylaglanyldy.
9-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.