Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi.
TDH-niň habar berşi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Estoniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine türkmen-eston hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diplomatik tejribelerini, bilimlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.