Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak asylly işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Efiopiýanyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Ilçä Türkmenistanyň içeri syýasaty we dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.
Türkmen-efiopiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, döwlet Baştutanynyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.
Ilçi Bitarap Türkmenistanda Efiopiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.