Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan, täze üç gatly edara binasynyň ulanyşa girizilmegi hem bu dabaralaryň üstüni ýetirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, açylyş dabarasyna Balkan welaýat, Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gözel zaman» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň guran binasy döwrebap kompýuter enjamlarydyr degişli tehnologiýalar bilen birkemsiz üpjün edildi. Bu bolsa hyzmatyň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik berer. Iş otaglaryndaky mebeller hem Türkmenistanda öndürilen. Elektrik üpjünçiliginiň, ýyladyş-sowadyş ulgamlarynyň özbaşdak bolmagy hünärmenleriň öz işlerini bökdençsiz we netijeli alyp barmaklaryna oňyn täsirini ýetirer.
Dabaranyň dowamynda bu ajaýyp binanyň gurluşygynda göreldeli zähmet çekenlere sowgatlar gowşuryldy.