Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

00:1409.12.2024
0
16484

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barylan işler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlaryň diňlenjekdigini we beýleki degişli soraglara serediljekdigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda lukman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi. R.Bazarow, ilki bilen, Gahryman Arkadagy hem-de Türkmenistanyň Prezidentini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly seneleriniň biri bolan Halkara Bitaraplyk güni hem-de alym Arkadagyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň türkmen halkyna gowuşmagy bilen gutlady.

R.Bazarow hasabatynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýalaryň geçirilendigi, köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy we çagalaryň saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada hem aýtdy.

Gaznanyň wise-prezidenti çykyşynyň dowamynda tassyklanan meýilnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barlandygyny habar berdi. Şeýle hem ol Gaznanyň halkara derejesinde alyp barýan işleri barada aýdyp, şu wagta çenli Türkiýe, Ukraina döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Palestinanyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy.

Gahryman Arkadag Gaznanyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işleri geçirmek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa söz berildi. Ol geçen döwürde gazna tarapyndan ýerine ýetirilen işler, ýurduň näsag çagalaryna goldaw bermek boýunça geçirilen operasiýalar we dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugratmak üçin gönükdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň möçberleri baradaky hasabatyň çäklerinde, 2025-nji ýylda haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin meýilleşdirilen serişdeler hakynda hasabat berdi. Ý.Çernowa şanly seneler mynasybetli sowgatlyk önümleri satyn almaga hem-de näsag çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga we ynsanperwerlik kömeklerini maliýeleşdirmäge niýetlenen serişdeleriň kesgitlenen möçberleri baradaky resminamany Gahryman Arkadagyň garamagyna hödürledi.

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna mätäç çagalara hemaýat berilmegini haýyş edip, ýüz tutan adamlara goldaw bermek maksady bilen, taýýarlanan degişli resminama gol çekip, degişli ýolbaşçylara ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory, gaznanyň müdiriýetiniň agzasy M.Öküzowa çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berdi. Hasabatda merkezde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisiniň geçirilendigi barada hem aýdyldy.

Merkeziň direktory şu ýylyň dowamynda toplanan tejribä esaslanyp, 2025-nji ýyl üçin ýurduň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mümkinçiligi çäkli, dikeldiş bejergisine mätäç çagalaryň Meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada habar berdi we ony lukman Arkadagyň garamagyna hödürledi.

Gahryman Arkadag hasabaty diňläp, müdiriýetiň agzalarynyň teklibi esasynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentini goldaýandygyny aýtdy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa ýüzlenip, Gaznanyň iş meýilnamasyna O.Atabaýewa bilen bilelikde ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy hem-de ol geljek ýylyň geçiriljek çärelerine laýyk gelse, teklibi goldajakdygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde medisina klasteriniň binalarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde bu ýerde derman serişdeleriniň birnäçe görnüşleriniň öndürilip, saglygy goraýyş edaralaryna iberilýändigini habar berdi.

Lukman Arkadag öndürilýän dermanlyk serişdeleriň bellenen kada laýyk gelmegi we olaryň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäherde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri, baýramçylyk mynasybetli toý sowgatlaryny taýýarlamak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadag täze şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň şanly seneleriň ähmiýetine laýyk gelmelidigini, medeni-köpçülikleýin çärelerde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, Arkadag şäheriniň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny we baýramçylyk çärelerine Gaznanyň müdiriýetiniň ähli agzalarynyň işjeň gatnaşmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň