Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy

06:1607.12.2024
0
22598

Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde garalýan döwürde Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,6 göterim, çykdajy böleginiň 97,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň