Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-6-njy dekabrda Malta Respublikasynyň Walette şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Ýewropadaky we Ýewraziýadaky häzirki howpsuzlyk meseleleri, guramanyň özi bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalaryň hatarynda boldy.
Mähri Bäşimowa mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň sebitdäki durnuklylygy berkitmekde, gepleşikleri we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady-daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlardaky başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistanyň ÝHHG bilen ýokarda agzalan üç ugur boýunça hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrandygyny aýtdy. Halkara ulag infrastrukturasynyň ösüşini göz öňünde tutup, Türkmenistan ÝHHG-niň düzümine girýän ähli ýurtlar bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de bilelikdäki tagallalary goldaýar.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak we bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.