Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýanyň Hökümet başlygyna ynam etmezlik bildirildi, ýurduň Hökümeti iş başyndan gider

16:0006.12.2024
0
12018
Fransiýanyň Hökümet başlygyna ynam etmezlik bildirildi, ýurduň Hökümeti iş başyndan gider
Surat: mir24.tv

Fransiýanyň Milli ýygnagy ýurduň Hökümetine ynam etmezlik barada rezolýusiýasyny kabul etmek üçin ses berdi. Ony deputatlaryň köplügi goldady. Indi ýurduň Konstitutiýasyna laýyklykda, Mişel Barnýeniň hökümeti iş başyndan gitmeli diýip, «MIR 24» ýazýar. Ynam etmezlik barada teklibi 2016-njy ýylda Žan-Lýuk Melanşon tarapyndan esaslandyran «Boýun egdirilmedik Fransiýa» çepçi partiýasy öňe sürdi. 4-nji dekabrda Hökümete ynam etmezlik baradaky kararnamany goldap, deputatlaryň 331-si ses berdi. Onuň kabul edilmegi üçin 288 deputatyň goldamagy gerekdi (Fransiýanyň Milli ýygnagynyň 577 deputaty bar). Bu 1962-nji ýyldan bäri ilkinji ynam etmezlik kararydyr. Öň Žorž Pompidunyň Hökümeti hem şeýle ýagdaýda iş başyndan gidipdi.

73 ýaşly Mişel Barnýe Fransiýanyň Premýer-ministri wezipesine 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda eýeledi. Şunlukda, ol Bäşinji Respublikanyň iň uzak ýaşly we iň az, ýagny bary-ýogy 3 aý işlän Premýer-ministri boldy diýip, «Le Figaro» gazeti ýazdy.

Barnýeniň iş başyndan gitmegine 2025-nji ýyl üçin Milli býujetiň ara alnyp maslahatlaşmagynda dörän gapma-garşylyk boldy. Barnýe býujet çykdajylaryny 40 milliard ýewro çenli azaltmagy we iri korporasiýalar hem-de ýurduň baý raýatlary üçin salgytlary artdyrmagy teklip etdi. Garşylykçy syýasy partiýalar Hökümet başlygyna ynam etmezlik barada wotumdan başga çykalganyň galmandygyny nygtaýarlar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň