Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň önüm öndürijileriniň harytlarynyň Aşgabatda geçirilen sergisi öz işini tamamlady

13:0306.12.2024
0
17866

Şu gün Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Forumda 70-den gowrak türk kompaniýasy, birleşikleri we işewür hyzmatdaşlary gatnaşdylar, olaryň köpüsi eýýäm türkmen bazarynda uly iş tejribesine eýedir.

Sergide Türkiýäniň dürli ykdysady pudaklarynda öndürilýän harytlaryň we berilýän hyzmatlaryň giň düzümi görkezildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň berýän habaryna görä, oba hojalyk pudagyna Türkiýäniň öňdebaryjy eksport ediji birleşikleri wekilçilik etdiler, olaryň hatarynda miwe we gök-önümleri eksport edijileriň Ortaýer deňiz birleşigi, guradylan miweler we miwe önümlerini eksport edijileriň birleşigi, şeýle-de Egeý deňzi sebitiniň zeýtunlary we zeýtun ýagyny eksport edijileriň birleşigi we beýlekiler bar. Olar sergide ýokary hilli harytlary, şol sanda sitrus miwelerini, beýleki miweleri, gök-önümleri, guradylan miweleri, dürli görnüşli zeýtunlary we zeýtun ýaglaryny görkezdiler.

Türkiýäniň azyk senagatyna Günorta-Gündogar Anatoliýanyň ýag alynýan ösümlikleriň we taýýar önümleri öndürijileriň birleşigi (ýag, un, şeker we süýjülikler) hem-de Türkiýäniň grek hozlaryny eksport edijileriň birleşigi wekilçilik etdiler.

Günorta-Gündogar Anatoliýanyň dokma önümlerini we çig mallary eksport edijileriň birleşigi sergä gatnaşyjylary öz öndürýän ýokary hilli önümleri bilen tanyşdyrdy.

Sergide gara we reňkli metallaryň önümlerini eksport edijileriň Günbatar Ortaýer deňiz birleşigi hödürledi.

Serginiň möhüm taraplarynyň biri ekologiýa taýdan arassa önümleriň we innowasion tehnologiýalaryň görkezilmegi boldy, bu türk kompaniýalaryna ýokary hilli, şeýle hem daşky gurşawa gaty az derejede täsirini ýetirýän hem bäsdeşlik ukybyna eýe bolan harytlary teklip etmäge mümkinçilik berdi.

Aşgabatda geçirilen sergä türk kompaniýalarynyň köp sanlysynyň gatnaşmagy, Türkmenistanyň bazaryna bolan ýokary gyzyklanmalary we onuň geljekde özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin mümkinçiligiň uludygyny görkezýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň giň möçberli sergisi açyldy.

Sergi baradaky wideoreportažy şu ýerden görüp bilersiňiz.

Sergi baradaky fotoreportažy şu ýerden görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň