Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi Brýusselde bilim pudagyndaky meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy

15:5605.12.2024
0
27985

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 23-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäreler Ýewropa Komissiýasynyň binasynda boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Azat Ataýew öz çykyşynda Türkmenistanda bilim ulgamynyň gurluşy, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň bilim we innowasiýa maksatnamalaryna gatnaşmagyň mümkinçilikleri we tertibini tanyşdyrmak maksady bilen, seminarlar guramak boýunça ylalaşdylar.

Soňra Ýewropa tarapy bilim we ylmy gözlegler boýunça esasy başlangyçlaryny hödürlemek bilen bir hatarda, innowasiýalary goldamaga gönükdirilen «Horizon Europe» maksatnamasy we alymlaryň hem-de talyplaryň halkara hereketliligini ösdürmäge gönükdirilen »Marie Sklodowska-Curie Actions» maksatnamasy görkezildi. Şeýle hem Ýewropa Ylmy Barlaglar Geňeşiniň grant ulgamy boýunça Eleni Zika tarapyndan hödürlenen maglumatlar aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet meseleleri boýunça Baş direktoratynyň bölüminiň ýolbaşçysy Filip Wan Depoel bilen geçirilen duşuşykda Erasmus+ programmasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselesine üns berildi, şol sanda Türkmenistanda Erasmus milli edarasynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem akademiki alyş-çalyşlar, Ýewropa Bileleşiginiň bilim maksatnamalarynda türkmen talyplaryny goldamak we bilelikdäki ylmy taslamalary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

A.Ataýew Ýewropa hyzmatdaşlarynyň hödürlän maksatnamalarynyň türkmen talyplary we alymlary üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny hem-de olaryň Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky strategik ileri tutmalaryna laýyk gelýändigini belledi.

Bu duşuşyklar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda we akademiki hem-de medeni alyş-çalyşlara ýardam bermekde möhüm ädim boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň