Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Gaýa» täze emeli arçalar gelip gowuşdy

15:5305.12.2024
0
24389

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Ak Gaýa» dükany emeli arçalaryň täze tapgyry bilen müşderileri begendirýär. Dükanyň assortimentinden islendik interýere kybap geljek görnüşleri saýlamak üçin dürli ululykdaky Täze ýyl arçalaryny tapyp bilersiňiz.

Dükanda hödürlenilýän emeli arçalaryň her biri ýokary hilli taýýarlanyş ussatlygy, ajaýyp keşbi we uzak möhlete niýetlenendigi bilen tapawutlanýar. Döwrebap materiallaryň ulanylmagy netijesinde, bu agaçlar size köp ýyllaryň dowamynda hyzmat eder we her ýyl özboluşly baýramçylyk atmosferasyny döretmäge mümkinçilik berer.

«Ak Gaýanyň» diňe bir Täze ýyl önümleriniň dükany däldigini ýatladýarys. Dükan öý we ofis üçin niýetlenen köp sanly gurluşyk materiallary we önümleri bilen tanalýar. Bu ýerde her bir müşderi uly göwrümli abatlaýyş hem-de otagda amatly atmosferany döretmek üçin zerur zatlary tapyp biler.

Täze ýyl arçasyny we beýleki harytlary şu salgydan satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň