Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ýaş alymlar Watanyň ýagty geljeginiň daýanjydyr» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň işine ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 12-sinden ýaş alymlardyr talyplaryň köpsanlysy gatnaşdy. Ylmy maslahat öz işini bölümleriň üçüsinde alyp bardy. Olarda dürli ylmy meselelere bagyşlanan nutuklar diňlenildi.
Ylmy-döredijilik maslahatynyň çäklerinde institut tarapyndan ýurduň orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen internet olimpiadalarynyň ýeňijileri yglan edildi diýlip, habarda bellenilýär.