Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

08:4902.12.2024
0
4421

Arkadag şäheriniň häkimliginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu täze kitaby Gahryman Arkadagyň türkmen halkyna peşgeş beren ozalky dürdäne eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, ilki bilen, Gahryman Arkadagyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar.

Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly türkmen taryhy hem­-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy­medeni ýadygärlikler hakynda maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadag bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bäş bölümiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Kitabyň «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji babynda bolsa türkmen halkynyň ruhy­-medeni mirasynyň köpöwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen alty bölüm arkaly okyja ýetirilýär.

Türkmen halkynyň geçmişde guran beýik döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, şu günlere miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar netijesinde tapylan gymmatlyklaryň mysalynda binagärlik, çeperçilik aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagyň beýleki döreden ajaýyp eserlerinde bolşy ýaly, täze kitabynda hem anyk taryhy maglumatlara salgylanýandygyny, eserde türkmen halkynyň milli mirasy, özboluşly däp-dessurlary, türkmen döwletiniň tutuş taryhynyň dowamynda berkarar bolmagy barada gyzykly maglumatlaryň getirilýändigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň