Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4330.11.2024
0
9083

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görülýär, 5-nji dekabrdan başlap Türkmenistanda Täze ýyl söwdasy guralar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Budapeştde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki döwletleriň guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Aksakgallary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasydyr.

2. Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmen paýtagtynyň abadanlaşdyrylmagyna we baýramçylyk bezegine aýratyn üns berilýär. Şäher ýurduň Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan şygarlar we şekiller bilen bezelýär.

3. Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde 5-nji dekabrdan başlap, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň welaýatlarynda baýramçylyk söwdalary guralar. Ýurt boýunça jemi 850-den gowrak ýörite söwda nokatlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

4. 30-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Hytaýyň Çendu şäherinde Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahaty geçiriler. Bu çärä Hytaýyň daşary işler ministri Wan Iniň başlyklyk etmeginde geçiriler. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri gatnaşarlar.

5. Türkmenistanda bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edildi.

Dünýäde

6. 2025-nji ýyldan başlap, London moda hepdeliginde ekzotik haýwan derilerini ulanmak düýbünden gadagan ediler. Mundan beýläk sergilere gatnaşýan dizaýnerler krokodilleriň, alligatorlaryň we ýylanlaryň derilerini kolleksiýalaryndan çykarmaly bolarlar. Bu 2023-nji ýylda sütükleriň ulanylmagy gadagan edilenden soň daşky gurşawa dostluk ugrundaky çäreleriň dowamydyr.

7. Kitleri goramak gaznasy deňizlerde we ummanlarda deňiz süýdemdirijileriniň ölümi baradaky statistiki maglumatlary çap etdi. Bu ýyl adamyň täsiri sebäpli 50 müňden gowrak haýwan öldi, olaryň ýarysy kitler maşgalasyna degişlidir. Haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar goralýan zolaklary giňeltmegiň we ejiz jandarlary goramak üçin gyssagly çäre görmegiň möhümdigini aýdýarlar.

Sport habarlary

8. Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejesinde PFL Gran Prisiniň finalynda amerikaly Impa Kasanganaýy ýeňdi. Tutluşyk Saud Arabystanynda geçirilen ýaryşyň çäklerinde bolup, birinji tapgyrda nokaut bilen tamamlandy. Ýeňiş üçin türkmen türgeni bir million dollar alar.

9. Türkmenistanyň türgenleri Kazanda geçirilen guşakly göreş boýunça 22-nji dünýä çempionatynda dürli derejeli 9 medal gazandylar. Bäsleşige 35 ýurtdan 270 töweregi türgen gatnaşdy. Ýaryşlaryň ähli görnüşleriniň netijelerine görä, türkmen türgenleri üç altyn, bir kümüş we bäş bürünç medal gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň