Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda ýurtda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistana abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň şu halkara çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.