Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigi tarapyndan 2024-nji ýylyň 10 aýynda dürli ölçegdäki nah ýüplügiň 967 tonnasy öndürilip, içerki hem daşarky bazarlara ugradyldy.
Şu döwrüň içinde pagta süýüminden taýýarlanylan nah ýüplügiň möçberi 26 million 867 müň manatlyga barabar boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Mebel üçin pamyk önümleriniň 357 tonnadan gowragy öndürilip, ösüş depgini 182,9 göterime deň boldy.
Önümçiligiň bu ugry boýunça jemi 2 million 122 müň manatlykdan gowrak iş edildi diýlip, habarda bellenilýär.