Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

10:5030.11.2024
0
12099

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. 29-njy noýabrda ýokary okuw mekdebiniň guramagynda geçirilen forumyň gün tertibine ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, Russiýanyň, Belarusuň, Şweýsariýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň ylym-bilim merkezleriniň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara forumyň umumy mejlisinde, ilki bilen, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Ykdysadyýet we maglumat analitikasy müdirliginiň toplumlaýyn görkezijileriň ylmy-barlag bölüminiň başlygy Saşa Wunş-Winsent çykyş etdi. Ol 2024-nji ýylyň global innowasiýa indeksiniň esasy ýerleri we Türkmenistanyň uly ykdysady mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak bolsa halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durnukly ösüşi gazanmagyň geljekki ugurlaryna ünsi çekdi.

Halkara forumyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Olar ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmekde dünýä döwletlerinde ileri tutulýan ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny bellediler.

Halkara maslahat öz işini «Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary», «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny», «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde marketingiň we menejmentiň orny», «Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde guramalaryň hasap-seljerme üpjünçiligi» atly bölümlerde dowam etdi.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ylym-bilimde we sport ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi bilen hem tanyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň