Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulýan halkalaýyn aýlaw ýolundaky bina "Taýçanak" adyny goýmagy maslahat berdi

23:5326.11.2024
0
12717

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda täze şäheriň Akhan hem-de Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň deňinde saklandy we ol ýerde alnyp barlan işler bilen tanyşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Onda häzirki zamanyň gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli we döwrebap görnüşleri ulanylýar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik we bezeg babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygy, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigi barada aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda birnäçe belliklerini aýtdy we olaryň ýokary derejede ýerine ýetirmelidigini belledi.

Gahryman Arkadag halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygyny we onuň merkezi künjeginde ýerleşdirilýän şekilleri synlap, bu binany "Taýçanak" diýip atlandyrmak barada nesihatlaryny berdi.

"Taýçanak" aýlawynyň ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şäherçäniň golaýyndaky künjekde ýerleşdirilmeginiň, şeýle hem onuň golaýynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen athananyň bolmagynyň özboluşly sazlaşygy emele getirýändigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy "Taýçanak" binasynyň uzaklardan seleňläp görünmelidigini, islendik adamda uly täsir galdyrmalydygyny, umuman, onuň gurluşygynyň döwrebap alnyp barylmalydygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň