Söwda-satyg auksionynda diwara skotç kagyz bilen ýelimlenen adaty banan miwesi 6 million 200 müň amerikan dollaryna satyldy.
Italiýaly suratkeş Maurisio Kattelanyň «Komediýaçy» diýip atlandyran bu eserine ilki bir ýarym million dollar nyrh kesildi. Bananly sungat eserini 6,2 million dollara satyn alan müşderi sosial ulgamdaky sahypasynda golaý günlerde ony diwardan goparyp, iýmekçidigini habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
2019-njy ýylda hem «Komediýaçy» atly eseriň iki nusgasy 120 müň dollara satyldy.