15-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamenti işe başlady. Onuň esasy wezipesi ýurduň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.
Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurduň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.
Şeýle-de Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurtda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.