Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi buýurdy, Türkmenistan Lihtenşteýn bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň täze başlygy saýlandy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi hem-de pagta ýygymyny berk gözegçilikde saklamagy, oba hojalyk tehnikalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini gazanmagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda hem aýratyn görkezmeler berildi.
2. Türkmenistanyň we Lihtenşteýn Patyşalygynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulýandygy baradaky Bilelikdäki teswirnama gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hem-de Lihtenşteýn Patyşalygynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweser syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
3. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna ozal bu partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Akmämmedow saýlandy. Saýlawlar partiýanyň 4-nji noýabrda geçirilen IV gurultaýynyň dowamynda geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasy ýurduň milli ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine, daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly goşant goşýar.
4. Häzirki wagtda Özbegistanda 900-den gowrak türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar. Munuň özi iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, türkmen talyplarynyň sany 904-e deň bolup, Türkmenistan bu ugurda ilkinji üçlüge girýär. Sanawyň deslapky iki orny bolsa Hindistana (5 733 sany) we Pakistana (1 358 sany) degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Russiýa Federasiýasynyň (750 sany) hem-de Gazagystanyň (537 sany) ady bar.
5. Kapadokiýada iki dostlukly ýurt bolan Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklarynyň arasynda Magtymgulynyň portreti ýerleşdirilen şar asmana uçuryldy. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň «EkoÝewraziýa» gaznasy we Türki dünýäniň raýat jemgyýetiniň hyzmatdaşlygy birleşigi bilen bilelikde geçirilen dabaranyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew Kapadokiýanyň Türkiýäniň möhüm syýahatçylyk sebitidigini, howa şarlarynda uçmak üçin meýdançalary bilen dünýä meşhurdygyny aýtdy.
6. Türkmenistanyň hususy pudagy salgyt ýeňillikleri arkaly 29 000 kärhana we telekeçi derejesine ýetdi. Bu barada TSTB-niň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Täçmyrat Gurdow «CIET – 2024» halkara maslahatyndaky çykyşynda aýtdy. Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileri salgytlardan doly boşatdy, hususy şahslar üçin GBS-ni ýatyrdy we kiçi we orta telekeçilik üçin diňe 2% dolanyşyk salgydyny belledi. Iri kärhanalar bolsa 8% girdeji salgydyny tölemelidirler.
7. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin çäreler toplumy işlenip düzüldi we tassyklandy. «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, ÝB, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, USAID we beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.
Dünýäde
8. Şweýsariýanyň «Padrone» kompaniýasy adaty ýüzleri interaktiw kompýuter dolandyryş panellerine öwrüp bilýän «Primera» ýüzügini tanyşdyrdy. Bu enjam ulanyja islendik ýüzde ýönekeý barmak hereketleri bilen kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ekrandaky kursoryň hereketleri barmagyň hereketlerini takyk yzarlaýar we ýüze degmek syçanyň düwmesiniň basylmagy ýaly işleýär. Ähli maglumatlary gaýtadan işlemegiň enjamyň içinde ýerine ýetirilýändigini we ulanyjynyň maglumatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini bellemek gerek. «Primera» goşmaça programmalary gurnamak zerurlygy bolmazdan, «Bluetooth» arkaly kompýuterlere we planşetlere aňsatlyk bilen birikýär. Çykaryljak takyk senesi heniz yglan edilmese-de, gyzyklanýanlar 259 ýewro bahadan öňünden sargyt edip bilerler.
9. Nýu-Ýorkuň ýolbaşçylary pyýadalary nädogry ýerlerden we ýolyşygyň duýduryşyna garamazdan geçendigi üçin jezalandyrmazlyk kararyna geldi. Ozal beýle düzgün bozmalar üçin 250 dollar jerime salynýardy. Bu üýtgetmäni şäher geňeşiniň agzasy, demokrat Mersedes Narsiss öňe sürdi. «Nýu-Ýorkuň her bir ýaşaýjysy öz işine howlugýar we bu raýatlar üçin adaty hereket» diýip, Narsiss nygtady we jerimeleriň ýatyrylmagynyň polisiýanyň ünsüni has möhüm meselelere jemlenmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şuňa meňzeş üýtgetmeler ABŞ-nyň Denwer we Kanzas-Siti ýaly birnäçe şäherinde, şeýle hem Missuri, Kaliforniýa, Newada we Wirjiniýa ştatlarynda kabul edildi.
Sport täzelikleri
10. Saud Arabystanynyň «Al-Taawun» topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji aýlawynyň oýnunda «Altyn Asyr» bilen duşuşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Toparlaryň arasynda 4-nji aýlawyň duşuşygy 6-njy noýabrda, çarşenbe güni Aşgabatda geçiriler we ýerli wagt bilen 19:00-da başlar. Duşuşygyň guramaçylary stadiona girişiň mugtdygyny yglan etdiler we janköýerleri oýna irräk gelmäge çagyrdylar.