Top.Mail.Ru

Astanada Türki akademiýasynyň ylmy neşirleri hödürlendi

10:1530.10.2024
0
10462
Astanada Türki akademiýasynyň ylmy neşirleri hödürlendi
Surat: azertag.az

Türki akademiýasy tarapyndan çap edilen neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy 29-njy oktýabrda Astanada L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde geçirilen «Dil we edebi miras — agzybirligiň esasyny düzýär» atly ylmy maslahatyň dowamynda görkezildi.

AZERTAC-yň habaryna görä, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Batyr Rejepow hem gatnaşdy.

Türki akademiýasynyň wise-prezidenti A.Kesikbaýew öz çykyşynda akademiýanyň prezidenti Şaýn Mustafaýewiň adyndan gutlag sözleri bilen çykyş edip, wekilçilik edýän gurluşyň her täze neşiriniň diňe bir ylmy iş bolman, eýsem türki halklaryň ylmy integrasiýany güýçlendirmekde möhüm goşantdygyny aýtdy.

Neşirleriň arasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Ahmet Buranyň «Magtymguly» monografiýasy hem görkezildi.

Tanyşdyryş dabarasynda Türki akademiýasynyň «Türki dilleriň terminologik sözlüklerini» döretmek taslamasynyň çäginde işlenip düzülen ykdysadyýet, lukmançylyk we harby meseleler boýunça sözlükleri hem ýerleşdirildi. Bu neşirler ylmy terminologiýany standartlaşdyrmakda möhüm ädimdir diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň