Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň örän möhüm üstünliklere ýetendigini hem-de öňegidişligiň täze eýýamynyň bosagasynda durandygyny aýtdy. Ol bu barada Respublikanyň güni bilen bagly wideoýüzlenmesinde nygtady diýip, «Report» ýazýar.
Türkiýäniň döwlet Baştutany ýurduň geljekde öz serhediniň çäklerinde, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de adalatlylygy üpjün etmekde tagallalary gaýgyrmajakdygyny belledi.