«КазТАГ» agentligiň habar bermegine görä, Gazagystan «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy» tassyklamak isleýär.
Çeşmede «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Gazagystan Respublikasynyň kanunynyň taslamasyna garamak üçin onuň ýurduň Parlamentiniň Majlisina hödürleniljekdigi bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, degişli Ylalaşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 10-11-nji oktýbarda Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäginde gol çekilipdi. Resminama laýyklykda, iki ýurtda hem özara maýa goýumlaryny ösdürmek maksady bilen, maýadarlar üçin amatly şertler dörediler.