Gazagystanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiliklerine garalýar diýip, Almaty şäherinde geçirilen «Gazagystan-Owganystan» işewürlik maslahatynda ýurduň energetika ministriniň orunbasary Ýerlan Akkenžanowyň aýdan sözlerine salgylanyp, «Interfax-Kazakhstan» habar berdi.
Ý.Akkenžanow: «Biz uglewodorod serişdelerini eksport etmek we üstaşyr geçirmek üçin ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge isleg bildirýäris, bu babatda TOPH şeýle taslamalaryň biridir» diýip belledi.
Häzirki wagtda Gazagystanyň bu taslamanyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligi babatda türkmen tarapy bilen gepleşikler dowam edýär.
Golaýda Aşgabatda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde «QazaqGaz» milli kompaniýasy we «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilendigini bellemelidiris.