Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS halkara guramasynyň XVI sammiti geçýär. Onuň işine 36 sany halkara wekilçilikli topar gatnaşýar. Ýurtlaryň Liderleri köppolýarlygyň meselelerini hem-de guramanyň işine täze agza döwletleriň goşulmagyny ara alyp maslahatlaşarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Sammit üçin baş meýdança hökmünde 140 müň inedördül metrlik «Kazan Ekspo» sergi merkezi saýlanyp alyndy.
Sammitiň geçişini 59 ýurtdan habarçylaryň iki müňe golaýy beýan edýär. Munuň üçin 16 dilden terjimeçileri taýýarladylar. Sammitiň işçi dilleri – rus, iňlis, hytaý, portugal, hindi we arap dilleridir.
Kazan üç günläp uly syýasatyň merkezi bolar. Şäher 22 ýurduň döwlet Baştutanlaryny hem-de 6 sany halkara guramanyň ýolbaşçylaryny, umumy alnanda, 20 müň töweregi myhman kabul edýär.
Sammitiň dowamynda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin öz daşary ýurtly kärdeşleriniň 15-si bilen duşuşyklary geçirer.
BRIKS guramasynyň nobatdaky ýygnagynda ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda garaşsyz maliýe ulgamynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşarlar. Sammitiň netijeleri Kazan beýanaty hem-de Putiniň metbugat ýygnagy arkaly jemlener.