Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar

16:0321.10.2024
0
29307

Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasy Türkmenabatda mineral dökün öndürýän zawody gurmak üçin tender-bäsleşigini ýeňdi. «The Korea Herald» neşiriniň habaryna görä, Aşgabatdan 450 kilometr gündogarda ýerleşjek kärhana ýylda 350 000 tonna fosfat dökünini we 100 000 tonna ammoniý sulfatyny öndürip biler.

Bu taslama «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky ornuny berkitmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Kompaniýa öz sebitdäki ornuny diňe nebit-himiýa pudagynda däl-de, eýsem infrastruktura taslamalary we täze şäherleri ösdürmek pudagynda hem giňeltmegi meýilleşdirýär.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Daewoo E&C kompaniýasynyň Aşgabatda şahamçasynyň açylmagy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Açylyş dabarasynda iki ýurduň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda kompaniýanyň başlygy Jong Won-ju we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow gatnaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň