Häzirki döwrüň iň isleg bildirilýän hünärlerinden birini özleşdirmek we haýran galdyrýan web-interfeýslerini döretmek isleýärsiňizmi? «ITEA» halkara IT akademiýasy sizi frontend işläp düzüjilik boýunça okuwlara çagyrýar.
Ulanyjynyň web sahypalarda görýän ähli zatlaryny frontend işläp düzüjiler döredýärler: dizaýn, animasiýalar, interaktiw elementler. Frontend bolmadyk bolsa, häzirki döwürde internetiň bolmagy mümkinem däl diýen ýalydyr.
Näme üçin «ITEA-nyň» okuwlaryny saýlamaly?
Tejribe taýdan çemeleşme. Eýýäm birinji sapakdan başlap siz işläp düzmäge we öz taslamalaryňyzy döretmäge girişersiňiz.
Toparlaýyn iş. Beýleki öwrenijiler we tejribeli halypalar bilen bir toparda işlärsiňiz. Bu bolsa gymmatly aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ukyplaryny gazanmaga mümkinçilik berer.
Tejribeli halypalar. «ITEA» merkeziniň mugallymlary — IT pudagynda baý tejribesi bolan frontend işläp düzüjilerdir.
Taýýar portfolio. Okuwy tamamlanyňyzdan soň, portfolioňyza goşmaga we potensial iş berijilere görkezip boljak taýýar taslama alarsyňyz.
Okuwlar eýýäm 2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda başlanýar!
Okuwlara salgylanma girmek arkaly ýa-da şu telefon belgilerine jaň edip ýazylyp bilersiňiz: (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51.
